Awtomobil ulagynda daşamak

Ulag-ekspedisiýa işi (awtomobil ulagynda)

Awtomobil ulagynda daşamak we ulag-ekspedisiýa işleri amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamany almak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy

  1. Bellenen görnüş boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň adyna arza (iş görnüşleri görkezmek bilen); (gaýtadan almak, möhletini uzaltmak)

  2. Esaslandyryjy resminamalaryň nusgalary;

  3. - ýuridik şahs üçin – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, (EGRPO, Şahadatnama, Tertipnama tassyklanan nusgalary) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň adyndan resminamalary resmileşdirmäge hukugyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy (ynanç haty, buýruk ýa-da hyzmatyň şertnamasy);

    - fiziki şahs üçin – hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamalaryň nusgasy (bellige alnanlygy barada şahadatnama, pasportyň nusgasy);

  4. Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin, maddy-tehniki enjamlaýyn binýady barada maglumatlar (awtomobil ulag serişdelerine, edara binasyna, ammar jaýlaryna, ýükleýji-düşüriji gurallara we beýleki desgalara eýeçilik etmäge ýa-da olary beýleki kanuny esaslarda peýdalanmaga hukugynyň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary); (tablisa 1)

  5. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň - edara görnüşli tarapyň (ýuridiki şahs) awtoulag kärhanasynyň ygtyýarlylandyrylýan işe ýolbaşçylyk etmäge hukugynyň bardygyny we awtomobil ulag serişdeleriniň ulanyş howpsuzlygy üçin jogapkär diýlip bellenendigini tassyklaýan buýrugyň nusgasy we bu şahsyň ýörite okuw mekdebini tamamlandygy baradaky diplomynyň nusgasy (eger-de işgär sany 50 we ondan köp bolsa);

  6. Hukuk salgysyny we/ýa-da işiň görnüşiniň amala aşyrmakçy bolýan ýerini peýdalanmaga hukugyny tassyklaýan resminamalaryň nusgasy (Edaranyň ýerleşýän ýeri we/ýa-da kärende ýeri);

  7. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň we işgärler düzüminiň (sürüjileriň zähmet şertnamasy boýunça doly iş güni bilen işleýänler) hünär derejesiniň (kwalifikasiýalarynyň) bellenen talaplara laýykdygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary, (wezipe sanawy); (tablisa 2)

  8. - sürüjileriň sanawy, degişli kategoriýalardaky awtomobil ulag serişdelerine erk etmäge hukuk berýän sürüjilik şahadatnamalarynyň nusgalary; (diňe awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin)

    - ýükler ugur boýunça daşalanda awtomobil ulag serişdeleriniň sürüjileriniň taýýarlaýyş we gaýtadan taýýarlaýyş meýilnamalary boýunça okuwlary tamamlandyklary baradaky sürüjileriň hünär (kwalifikasion) şahadatnamalarynyň nusgalary; (diňe awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin)

    - awtomobil ulag serişdeleriniň sürüjileriniň lukman gözegçilik-barlagyndan geçendiklerini tassyklaýan lukman güwänamasynyň asyl nusgasy; (diňe awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin)

  9. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň:

  10. - Ekologik pasporty;

    - Ýangyn howpsuzlyk kepilnamasy;

    - Tehniki howpsuzlyk sertifikaty;

    - Arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş, gigiýena kadalaryna we düzgünlerine laýyk gelýändigi barada sertifikat. (diňe ýuridiki şahslar üçin)

  11. Awtoulaga gerek resminamalar (Awtomobil ulag serişdeleriniň talap edilýän kadalaşdyryjy hukuk, tehniki kadalaşdyryjy namalara hem-de awtomobil ulaglary boýunça Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryna gabat gelmegine geçirlen barlagyň netijenamasy (asyl nusga), bellige alnyş güwänamasynyň (tehpasport), guratlyk hatynyň, awtomobil ulag serişdeleriniň ätiýaçlandyrylandygy baradaky şertnamasynyň (awtoulagyň döwlet belgisi ýazylan bolmaly) nusgalaryny; (diňe awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin)

  12. Awtomobil ulaglarynyň ýolagçylarynyň, sürüjileriniň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy baradaky şahadatnamasynyň - şertnamasynyň nusgalary; (diňe awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin)

  13. Ozal alnan ygtyýarnamalary, şol sanda awtomobil ulagynda daşamak we ulag-ekspedisiýa işlerini amala aşyrmak üçin hukuklarynyň bardygy baradaky maglumatlary (ilkinji gezek ygtyýarnama alýanlar muňa girmeýär)

  14. Kärhananyň adyndan ygtyýarnamany almak üçin gelen wekiliň ynanç hatynyň we pasportynyň nusgasy;

Awtomobil ulagynda daşamak işi

Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň görnüşleri («kiçi klaslary,görnüşleri»)

49.31.10

Şäheriň çäginde ýerine ýetirilýän ugur boýunça ýolagçy gatnadýan ýerüsti ulaglaryň işi (diňe awtobuslar boýunça amala aşyrylyp bilner)

49.31.20

Şäherýaka ugurlar boýunça ýolagçy gatnadýan ýerüsti ulaglaryň işi (diňe awtobuslar boýunça amala aşyrylyp bilner)

49.32.10

Ýolagçy gatnatmak boýunça taksileriň işi

49.33.00

Ýolagçylary ýeňil awtoulaglarda gatnatmak işi

49.39.10

Şäherara ugurlar boýunça ýolagçy gatnadýan beýleki ýerüsti ulaglaryň işi (diňe awtobuslar boýunça amala aşyrylyp bilner)

49.39.20

Halkara ugurlar boýunça ýolagçy gatnadýan beýleki ýerüsti ulaglaryň işi (diňe awtobuslar boýunça amala aşyrylyp bilner)

49.39.30

Awtobuslarda ýolagçylary rejä garaşsyz gatnatmak işi

49.41.00

Ýük awtoulag serişdeleriniň işi (howply ýükleri daşamak muňa girmeýär)

Ulag-ekspedisiýa işi

52.29.22

Awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamagy guramak, ýükleri ekspetisiýa ýetmek (ýany bilen gitmek) işi

Esasy düşünjeler:

Awtobus - 8 adamdan köp bolan ýolagçylar üçin niýetlenen awtoulag serişdesi(49.31.10, 49.31.20, 49.39.10, 49.39.20, 49.39.30);

Şäher ugurlary - şäheriň çäginde ýerine ýetirilýän ugur boýunça gatnawlar (49.31.10);

Şäherýaka ugurlary - şäherden 70 kilometriň çäklerinde ýerleşýän ilatly ýere çenli ýerine ýetirilýän gatnaw ugurlary (49.31.20);

Ýeňil taksi - dilden baglaşylan şertnama laýyklykda ýolagçylary gatnatmak we goşlary daşamak üçin ulanylýan ýeňil ulag serişdesi (49.32.10);

Ýeňil awtoulag - 8 adamdan köp bolmadyk ýolagçylar üçin niýetlenen awtoulag serişdesi (49.33.00);

Şäherara ugurlary - uzynlygy 70 kilometrden uzak bolan gatnaw ugurlary (49.39.10);

Halkara ugurlary - Türkmenistanyň Döwlet serhedini kesip geçmek bilen ýerine ýetirilýän gatnaw ugurlary (49.39.20).

Buýurma boýunça gatnawlar - ýolagçylary baglaşylýan şertnama esasynda rejä garaşsyz belli bir möhlete berilýän ulag serişdesinde gatnatmak (49.39.30).