Türkmen logistik kompaniýalary eksportyň çygryny giňeldýärler
Aşgabatda geçirilen Halkara ulag forumynyň iş maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýurtlaryň ulag ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyklaryň biri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygy Seýitguly Baýseidowyň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň baş müdiri Baýmyrat Ataewiň gatnaşmagynda “Gowsan Baku halkara söwda deňiz porty” APJ-niň baş direktory Raşad Daşdamirow, “Caspian Logistics Solutions” kompaniýasynyň baş direktory Ruslan Akçurin we “Uztemirýolconteýner” PJ-niň başlygy Abdulmalik Kamiljanow bilen geçirildi.
Forumyň çäginde hyzmatdaşlyga degişli resminamalara gol çekilmegi bu gepleşikleriň netijeliliginiň görkezijisi boldy. Şeýlelik-de, sebitdäki ýük akymlaryny çaltlaşdyrmak we ýokarlandyrmak boýunça geljegi uly täze hyzmatdaşlyk hökmünde baş direktor Azat Ataýewiň başda durmagynda "Bir Kuwwat" türkmen kompaniýasynyň Azerbaýjan kompaniýalary – “Gowsan Baku halkara söwda deňiz porty” APJ (baş direktory Raşad Daşdamirow) we “Caspian Logistics Solutions” (baş direktory Ruslan Akçurin) bilen baglaşan üçtaraplaýyn ylalaşygyny mysal getirmek bolar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi bilen "Caspian Logistics Solutions” kompaniýasynyň arasynda-da Özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi.
Iki şertnamada-da port enjamlaryna we mehanizmlerine, dürli görnüşli hereketlendiriji düzümlere maýa goýujy Azerbaýjanyň “Caspian Logistics Solutions” kompaniýasydyr.
Bir Kuwwat kompaniýasy barada aýdylanda, ol halkara ýük gatnawy bazarynda 2019-njy ýyldan bäri işleýär we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň, esasan hem nebithimiýa önümleriniň (polipropilen, polietilen, kükürt, kaliý sulfaty, koks), şeýle-de pagta linti we ýüplük eksportynyň ulag-logistikasynda ýöriteleşendir. Kompaniýanyň ugurlarynyň çygry Hytaýy, Ýaponiýany, Günorta Koreýany we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryny öz içine alýar. Bu ýurtlardan Türkmenistana haryt importy hem ýola goýulandyr.
Azerbaýjan hyzmatdaşlary bilen täze ylalaşygyň gol çekilmegi türkmen logistik kompaniýasynyň Ýewropa bazarlaryna çykmagyna ýol açýar.