Serdar Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden gurulýan täze köpriniň düýbüni tutdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden guruljak täze awtoulag köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Taslama Ukrainanyň “Altkom” Ýol gurluşyk” kompaniýasy tarapyndan döwlet baştutanynyň ozal gol çeken kararyna laýyklykda durmuşa geçirilmelidir.

Täze köpri Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhet ýolunyň bir bölegine öwrüler we ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, harytlaryň Balkan welaýatynyň üstünden has çalt geçmegine ýardam etmelidir.

Desgany 2024-nji ýylyň iýun aýynda işe girizmek meýilleşdirilýär.