Awazada ulag ministrleri deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin üstaşyr geçirmegiň gurallaryny maslahatlaşarlar

Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty bir hepdeden, 15-16-njy awgustda Türkmenbaşy şäherinde, Awaza şypahana zolagynda geçiriler. “Aragatnaşyklary gowulandyrmak üçin maliýeleşdirmek” forumyň esasy meselesi bolar. Ministrleriň geçiriljek bu duşuşygy BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynya taýýarlyk görmegiň bölegine öwrüler, ol 2024-nji ýylda geçiriler.

Ministrler hem-de wekiliýetler COVID-19 soň gaýtadan dikeltmekde, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmekde we uýgunlaşmakda ulag ulgamynyň eýeleýän aýgytlaýjy ornuna gararlar, ulag düzümlerini maliýeleşdirmek, oňa tehniki taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin öz ýurtlarynyň garaýşyny, tejribesini we innowasion çemeleşmelerini hem-de çözgütlerini paýlaşarlar, ulag gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we söwda mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin baglanyşyklylygy ara alyp maslahatlaşarlar.

Durnukly ulag ulgamy häzirki zaman ykdysadyýeti üçin halas edijidir hem-de ykdysady ösüşiň binýadynda durýar. 533 million ilaty bolan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (DÇBÖBÝ) 32-siniň geografiýa taýdan ýerleşişleri sebäpli, umumy meseleleri bar, bu bolsa dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ykdysady taýdan özara hereket etmeklerine täsir edýär. Olara ygtybarly ulag düzümleri hem-de dünýä derejesinde söwdalara gatnaşmak üçin netijeli üstaşyr gurallary örän möhüm bolup durýar.

Министры транспорта обсудят в Авазе механизмы транзита для стран, не имеющих выхода к морю

Maslahata DÇBÖBÝ-niň ulag ministrleri gatnaşarlar. Şeýle hem üstaşyr geçiriji we donor ýurtlar, BMG-sy ulgamynyň edaralarynyň, beýleki halkara guramalarynyň, sebitleýin guramalaryň we maliýe edaralarynyň, hususy ulgamyň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, ylmy toparlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän beýleki taraplaryň wekilleri çagyryldylar.

Aýry-aýry mejlisler üstaşy ulgamy gowulandyrmak we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek üçin sanlylaşdyrmagy tizleşdirmek, ekologiýa taýdan durnukly ulag ulgamlary, ýol hereketiniň howpsuzlygy ýaly meselelere bagyşlanar.

Forum utgaşykly görnüşde geçer – ýüzbe-ýüz geçiriljek çäreler “Awaza” kongresler merkezinde gatnaşjaklary bir ýere jemlär, uzak aralykdan elýeterlilik Zoom arkaly hödürleniler.

Iş maslahaty açylyş dabarasyndan, interaktiw maslahatlaşmalardan, degişli mazmundaky mejlislerden hem-de ýapylyş dabarasyndan ybarat bolar. Iş maslahaty tamamlanandan soň, BMG-niň DÇBÖBÝ boýunça Üçünji maslahatynda ulanyljak jemleýji resminama kabul ediler.