Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän täze köpri köp ýurtlaryň ýük daşaýjylaryna netijeli hyzmat eder

Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän täze awtoulag köprüsi diňe bir Türkmenistandan däl, eýsem Russiýadan, Gazagystandan, Eýrandan we Hindistandan ýük daşaýanlara hem netijeli hyzmat eder.

– Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen köpriniň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda aýtdy – diýip, resmi türkmen metbugaty ýazýar.

– Bu ulag infrastruktura desgasy daşary ýurt ýük daşaýjylaryna awto, deňiz we demir ýol ulaglaryndan peýdalanmak arkaly, demirgazyk we gündogar Ýewropa ýurtlaryna iň gysga ýol bilen gatnamaga mümkinçilik berer – diýip, döwlet baştutany nygtady.

Garabogaz aýlagynyň üstaşyr gurulýan köpri Türkmenistanyň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna oňyn şertleri döreder we onuň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirer.

– Şeýle hem, sebitde täze ulag infrastruktura desgasynyň peýda bolmagy söwda dolanyşygynyň, Türkmenistanyň demirgazyk we gündogar sebitleriniň arasynda ýük we ýolagçy gatnawynyň ep-esli artmagyna getirer – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

– Häzirki wagtda Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän awtoulag ýollary Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýolagçylary we harytlary üznüksiz daşamak üçin amatly şertleri döretmeli – diýip, döwlet baştutany aýtdy.