Daşkent Türkmenistan bilen bilelikdäki ýük awtoulag kompaniýasyny döretmegi teklip edýär

Sişenbe güni 9-njy awgustda Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň ýolbaşçylary bilen halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdy, eksporta ugradylýan önümleri daşary ýurt bazarlaryna, şol sanda Ýewropa çykarmak üçin iň amatly ugurlary işläp taýýarlamak meselesini kesgitledi. Şu nukdaýnazardan, awtoulag arkaly ýük daşamak üçin Pakistan we Türkmenistan bilen bilelikdäki transport kompaniýalaryny döretmek teklip edildi.

Mirziýoýew ýylyň başyndan bäri Özbegistanda eksport edijileriň sanynyň 7,5 müňden geçendigini aýtdy. Eksportyň möçberi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 1,3 esse artdy we 8 milliard 200 million dollara ýetdi. Bu ýyl içerki önümleri täze bazarlaryň 32-sine ugratmak ýola goýuldy. Taýýar önümleri Ýewropa eksport edýän kärhanalar üçin ulag çykdajylaryna berilýän subsidiýanyň möçberi 50-den 70% -e çenli ýokarlandy.

Ozal, 8-nji awgustda Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça ýygnak geçirdi. Soňky bäş ýylda Özbegistanyň bu ýurtlar bilen söwdasynyň mukdarynyň 2,5 esse artyp, 6 milliard dollardan geçendigi bellendi. Goňşy ýurtlaryň maýa goýumlary arkaly gatnaşmagy bilen ýurtda 1,7 müň kärhana açyldy.

Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça täze taslamalar we teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.