Türkmenistan we «Huawei»-niň arasynda sanly ulgam boýunça pikir alyşyldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyndaky resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasarynyň «MKT ugurly hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmek» bölüminiň müdiri jenap Sung Gang bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda we ýurduň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşini üpjün etmek üçin MKT hünärmenleriniň başarnyklaryny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň barşynda Sung Gang Türkmenistanyň bilim edaralarynyň sanly infrastrukturasyny ösdürmekde, «Huawei»-iň MKT ugury boýunça işgärleri taýýarlamakda we okuwlary geçmekde hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi.

Ara alnyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň biri hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar (MKT) boýunça okuw maksatnamalaryny ösdürmek boldy. «Huawei» 5G, IoT we bulut hasaplamalary boýunça sertifikatlaşdyrylan okuw sapaklaryny Türkmenistanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň okuw maksatnamalaryna goşmagy teklip etdi. Şeýle-de, bulut çözgütlerini we emeli aňy (EA) bilim ulgamyna degişli işlerde ulanmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, talyplaryň okuw maksatnamalaryny şahsylaşdyrmaga, olaryň üstünliklerini we zerurlyklaryny seljermäge hem-de wirtual okuw gurşawyny döretmäge mümkinçilik berýän emeli aňa esaslanýan platformalary ornaşdyrmak meseleleri öňe sürüldi. Bu tehnologiýalar bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak we bilim proseslerini optimizirlemek üçin ulanylýar.

Innowasiýa we gözleg merkezlerini döretmekde hyzmatdaşlyk ugry boýunça Türkmenistanyň uniwersitetlerinde «Huawei» bilen hyzmatdaşlykda gözleg we innowasiýa merkezlerini döretmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu merkezler MKT ugry boýunça täze çözgütleri ösdürmäge gönükdiriler, bu bolsa ýurduň ylmy we tehnologiki mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de innowasiýa ekosistemasyny goldamaga kömek eder.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew mugallymlar we talyplar üçin «Huawei»-iň tehnologiki merkezlerinde tejribe maksatnamalaryny guramak, şeýle-de bilim edaralarynyň işgärleri üçin hünär ösüşi maksatnamalaryny ösdürmek bilen gyzyklanýanylýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «Huawei» kompaniýasynyň arasynda MKT merkezini döretmek boýunça hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekmek meselesi boýunça ylalaşdylar.

Bilim ministriniň orunbasary emeli aňy diňe bir aýratyn ugur hökmünde däl-de, eýsem, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň netijeliligini ýokarlandyrýan tehnologiýa hökmünde ösdürmegiň möhümdigini belledi. Ol talyplaryň halkara derejeli bäsleşiklere ukyply bolmagyny üpjün etmek maksady bilen «EA» boýunça başarnyklary ösdürmegiň ähli bilim ugurlarynda zerurdygyny aýratyn belledi. Şeýle-de, bu başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin hünärmenleriň goldawynyň zerurdygyny aýtdy. Şu nukdaýnazardan, jenap Sung Gang «Huawei» kompaniýasynyň hyzmatdaşlarynyň, şol sanda Şanhaý Transport uniwersitetiniň we Şençzheniň Politehniki uniwersitetiniň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy teklip etdi diýlip, habarda bellenilýär.