Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly binanyň açylyş dabarasy geçirildi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan “Kalbyň şypasy” atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy.

Munuň özi saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem döwrebap şäher gurşawyny döretmek boýunça özboluşly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň baş şäheriniň häzirki zaman ýol-ulag düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Desgalaryň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlananda ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilýär.

Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi, paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşamagy, oňaýly dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär.