Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar

24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde ilkinji gezek giňişleýin düzümde geçirilýän XVI BRIKS Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. 

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine – “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezine ugrady. 

30-dan gowrak daşary ýurt döwletleriniň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň we GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, XVI BRIKS Sammitiniň “BRIKS+” görnüşindäki plenar mejlisine gatnaşdylar. 

Ozal habar berlişi ýaly, BRIKS 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň dowamynda esaslandyryldy we şondan bäri geçen döwürde dünýäniň abraýly düzümleriniň birine öwrüldi. 

Bu döwletara birleşigiň çäklerindäki hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak, açyklyk we ylalaşyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa dünýäniň beýleki ýurtlary üçin guramanyň özüneçekijiligini artdyrýar. 

Geljekki hyzmatdaşlaryň barha artýan gyzyklanmalary göz öňünde tutulyp, “BRIKS+” formaty döredildi. Bu format häzirki döwrüň ählumumy meseleleri boýunça netijeli dialog üçin meýdança bolup durýar. Durnukly ösüşe hem-de özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlygyň ugurlary her ýyl geçirilýän ýokary derejedäki Sammitlerde we köptaraplaýyn duşuşyklarda kesgitlenilýär.