«Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşinde döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşiniň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary Sun Weýdunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

14-nji aprelde bolan duşuşykda A.Gurbanow myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we täze işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan üstünlikli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garamak bilen, söwda-ykdysady ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň barşyny seljerdiler.

Şeýle hem diplomatlar halkara we sebitleýin düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň netijelidigini nygtadylar. «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşiniň hem netijelidigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar 2025-nji ýylda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşiniň döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.