
Türkiýede Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyryldy
19-njy aprelde Afyon-Karahisar şäheriniň Söwda-senagat palatalary we biržalar bileleşiginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan «Türkmenistan we Türkiýe: häzirki zaman ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary» atly işewürlik forumy guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.
Bu çärä Türkiýäniň belli kompaniýalarynyň we döwlete degişli däl guramalaryň 100-den gowragynyň wekilleri gatnaşdy. Forumyň maksady Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Forumyň çäklerindäki çykyşynda ilçi M.Işangulyýew Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara söwda ulgamynda birek-birege hormat goýmak, deňlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini belledi.
Şeýle-de Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegine we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine goldawlaryň berýändigi, işewürlik üçin dürli mümkinçilikleriň we amatly şertleriň döredilýändigi bellenildi. Şeýle hem ilçi M.Işangulyýew Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ekologiýa taýdan arassa we ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň işjeň alnyp barylýandygyny nygtady.
Işewür forumyň dowamynda gatnaşyjylar nebit we gazhimiýa, agrosenagat toplumy, ulag we logistika, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ýaly ulgamlara Türkiýäniň işewirleri tarapyndan maýa goýumlaryny çekilmegi babatda özara pikir alyşdylar.
Şeýle hem gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan wideo-rolik görkezildi.
Bulardan başga-da, Afýon-Karahisarda geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulyýew sebitiň dürli ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Hususan-da, Afyon-Karahisar şäher häkimi Kubra Guran Ýigitbaşy bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň Sebit senagat zolagynyň ýolbaşçysy Bekir Ýeşilaý bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda söhbetdeşler türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny, şol sanda söwda we maýa goýum ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem ilçi M.Işangulýew Kojatepe uniwersitetiniň rektory Mehmet Karakaş we Afyon-Karahisar şäherindäki Lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nurullah Okumuş bilen hem duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.