
21-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamy işlenilip düzülýär, Türkmenistanda Pasha dini dessury geçirildi, Aşgabatda «Yutong» ýolagçy awtobus synaglary başlandy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek işleri alnyp barylýar. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan maglumata giň elýeterliligi üpjün etjek we ýurduň raýatlaryna elýeterli elektron hyzmatlarynyň sanyny artdyrjak bu ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işleri ýerine ýetirýär.
2. Türkmenistanyň prawoslaw ybadathanalarynda dabaraly Pasha dini dessury geçirildi. Paýtagtyň keramatly knýaz Aleksandr Newskiý ybadathanasynda baýramçylyk çäresini onlarça adam gatnaşdy. Ybadat etmäge gelenler dabaraly dini dessur başlamazyndan bir sagat öň Türkmenistanyň paýtagtyndaky iň irki ybadathana ýygnanyp başladylar. Köpler maşgalasy we çagalary bilen geldiler. Dini dessuryň ahyrynda kuliçleri, ýumurtgalary we beýleki Pasha tagamlaryny keramatly suw bilen çokundyrmak däbi boldy.
https://turkmenportal.com/blog/90172/v-turkmenistane-proshli-pashalnye-bogosluzheniya
3. Uzynlygy 12 metr bolan «Yutong» kysymly sowadyjyly ýolagçy awtobusy şu günler Aşgabadyň şaýollarynda hereket edýär. Jemgyýetçilik ulagy başlangyç synagdan geçýär, synag üstünlikli tamamlanandan soň ol şäher ilatyna hyzmat edip başlar. Täze awtobus üç gapylydyr. Onda töleg geçirilişi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Ses we şekil ulgamyna degişli enjamlar, Wi-fi, el telefonlaryna elektrik gujur berijiler ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün eder. Şeýle-de mümkinçiligi çäkli ýolagçylar üçin enjam hem-de haýsy duralgalara gelnendigini habar berýän ulgam göz öňünde tutulandyr.
4. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşdy we bu teleýaýlymyň köp millionlyk tomaşaçylary üçin interwýu berdi. Teleýaýlymyň wekiliýetine Rizwan Han ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda teleýaýlymyň wekilleri Gaznanyň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdylar we onuň alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler. Gaznanyň wise-prezidenti bilen söhbetdeşlik ýakyn günlerde «Al-Arabiýa» teleýaýlymynda ýaýlyma berler.
https://turkmenportal.com/blog/90167/oguldzhahan-atabaeva-dala-intervyu-telekanalu-alarabiya
5. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedew sarpasy belentde» atly baýramçylyk sergisi guraldy. Sergä Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Sergide bedewleriň gözelligini we ajaýyplygyny görkezýän meşhur suratkeşleriň suratlary; ahalteke atlarynyň halylarda we heýkeltaraşlyk eserlerinde ýerine ýetirilen şekilleri görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde atçylygyň taryhy baradaky arhiw suratlary bolan diwarlyklar ýerleşdirildi.
6. Çarşenbe güni Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF 2025) öz işine başlar. Bu forum energetika pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny we halkara hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder. Forumyň maksatnamasy birnäçe strategiki mowzugy öz içine alar. Gatnaşyjylar tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek we gazhimiýa pudagyny ösdürmek, wodorod we ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürmek ýaly meselelere serederler. Goşmaça gymmaty bolan önümleriň eksportyna aýratyn üns berler.
Dünýäde
1. Hytaýly alymlar ýokary hilli ukynyň howply ýokanç kesel bilen kesellemek töwekgelçiligini 12% azaldýandygyny anykladylar. Bu gözleg 40-73 ýaş aralygyndaky 400 müň töweregi adamy öz içine aldy we 13 ýyl dowam etdi. Gorag täsiri esasanam 60 ýaşa çenli adamlarda has güýçli ýüze çykýar.
https://turkmenportal.com/blog/90147/polnocennyi-son-snizhaet-risk-infekcionnyh-zabolevanii
2. Dubaý şokoladynyň meşhurlygynyň ýokarlanmagy pisse bazarynda krizise sebäp boldy. Bahalar 450 gr üçin 7,65 dollardan 10,30 dollara çenli ýokarlandy. ABŞ-da hasylsyzlyk we Eýrandan BAE-ne eksportyň 40% ýokarlanmagy sebäpli ýagdaý hasam agyrlaşdy. Iri şokolad öndürijiler artýan islegi kanagatlandyryp bilmeýärler. 2021-nji ýylda çykan kadaýif we pisse bilen doldurylan Dubaý şokolady sosial ulgamlarda ýaýrady we «TikTok-da» 120 milliondan gowrak tomaşa edildi.
Sport täzelikleri
1. Türkmenistanyň ýygyndysy Bangkokda geçirilen kikboksing boýunça dünýä Kubogynda 14 medal – 7 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medal gazandy. Toparyň düzüminde 13 türgen çykyş etdi. WAKO-nyň howandarlygynda geçirilen ýaryşlara dünýäniň 40-a golaý ýurdundan 800-e golaý türgen gatnaşdy. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu sport görnüşi bilen 5 müňden gowrak adam meşgullanýar.
2. «Arkadagyň» futbolçylary Ýokary liganyň klublarynyň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny myhmançylykda 1:0 hasaby bilen ýeňdiler. Ýeke-täk goly oýnuň 77-nji minutynda Didar Durdyýew geçirdi. «Arkadag» üç duşuşykda 9 utuk toplap, Türkmenistanyň çempionatynyň ýaryş tertibinde 4-nji orna geçdi. «Nebitçi» bolsa ýedi duşuşykda 8 utuk toplamak bilen, bäşinji ýerde barýar.