Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ýük daşalyşyny 21,6 göterim artdyrdy
Türkmenistanyň Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,6% ýokarlandy we 2,06 million tonna ýetdi.
Umaman, 2023-nji ýylyň ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 129,4% ýerine ýetirildi.
Ösüş depginleriniň ýokarlanmagy, ilkinji nobatda, çig nebit we nebit önümleriniň eksport edilmeginiň, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portundan geçýän umumy we üstaşyr ýükleriň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr.
2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary boýunça ýük dolanyşygy 867,149 mln tonna.km. bolup, meýilnama 228,9% , ýolagçy gatnawy bolsa 8,540 mln.ýolagçy km-a ýa-da bu babatdaky meýilnama 240,9% ýerine ýetirildi.