TDHÇB-de söwdalar: içerki bazara nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi
Sişenbe güni, 13-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki bazara ýurdumyzyň nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.
Türkmen telekeçileri çig kreton matasyny satyn almak boýunça ýerli kompaniýa bilen, şeýle hem tehniki kükürt kislotasyny satyn almak boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 216 000 000 manatlyk we 51 200 dollarlyk 2 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.