“Türkmenaragatnaşygyň” ýolbaşçysy telekommunikasiýa pudagyny ösdürmegiň taslamalary barada gürrüň berdi

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2022» atly halkara forum geçirilýär.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistandan gatnaşyjylary hem-de 18 ýurda wekilçilik edýän 30 sany kompaniýalaryň we guramalaryň 100-e golaý daşary ýurtly wekillerini utgaşykly görnüşde bir ýere jemlän maslahat başlandy.

“Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi – Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamyny sanlylaşdyrmagyň möhüm ýagdaýy” atly birinji umumy mejlis Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň çykyşy bilen açyldy.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew hem esasy alyp baryjylaryň hatarynda bolup, durnukly ösüş we sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmegi babatda Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýagdaýy hem-de geljegi barada beýan etdi.

“Türkmenaragatanaşyk” agentligi bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň tehniki üpjünçiligi hem-de olaryň möçberine laýyk gelýän düzümleri döretmek boýunça iri taslamalara badalga berdi. Bu taslamalar öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda gir gerimli kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, ýurduň iň alys künjeklerinde internete bolan giň ýaýrawly elýeterliligi üpjün etmek bilen bir hatarda, aragatanaşyk hyzmatlarynyň möçberini, görnüşlerini hem-de hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Internetiň maglumatlary multiserwis taýdan geçiriş ulgamyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak üçin bahasy ABŞ-nyň 80 million dollaryndan gowrak bolan enjamlar satyn alyndy we gurnaldy.

Türkmenistany 4G bilen birlikde, ykjam aragatnaşyk bilen doly we hemme ýerlerde üpjün etmek üçin ABŞ-nyň 100 million dollaryndan gowrak bolan enjam satyn alyndy. Şeýle hem ähli ilatly ýerlere radiogepleşikleriň doly ýetirilmegi üçin bahasy ABŞ-nyň 15 millio dollaryndan gowrak bolan radiogeçirijiler işe girizildi. Bahasy ABŞ-nyň 30 million dollaryndan gowrak bolan kesgitlenen aragatnaşyk toruny giňeltmek, bar bolan içerki zolakly ulag ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Internet-trafigiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliginiň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň döwletara birleşme sepleriniň 8-si gurnaldy.

“Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasy hem-de “Azertelekom” JÇJ Türkmenbaşy we Siazan şäherleriniň arasynda Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek ugrundaky taslamanyň üstünde işleýärler.

Maglumat we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek häzirki zaman jemgyýetiniň ilkinji nobatdaky wezipesidir. Munuň özi içerki we daşarky ýagdaýlara bagly bolan ýeterlik derejede çylşyrymly hem-de köptaraply işdir.

Şunuň bilen baglylykda, şu maslahatyň mejlisleriniň biri “Sanly ulgama geçiş eýýamynda maglumat howpsuzlygy” baradaky meselä bagyşlanyldy.

Şeýle hem umumy mejlisde SSI-MonacoSat kompaniýasynyň prezidenti Ilgami Aýgün, Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň GDA boýunça sebitleýin edarasynyň (ITU) direktory Nataliýa Moçu, Aragatnaşyk ulgamynda sebit arkalaşygynyň (РСС) baş direktory Nurudin Muhitdinow, Bütindünýä poçta bileleşiginiň (UPU) baş direktory Maşahiko Metoki çykyş etdiler.

Huawei Eurasia CNBG kompaniýasynyň prezidenti Çžao Leý, Nokia-nyň Türkiýe we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti Demetrio Russo, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň baş sekretary Jawad Mottagi we Türkmenistanyň BMGÖM-de hemişelik wekili Narine Saakýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky garaýyşlaryny paýlaşdylar.