Türkmenistanda belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanda aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibi tassyklanyldy. Bu baradaky karara anna güni geçirilen hökümetiň mejlisiniň barşynda döwlet baştutany gol çekdi.

Belgileýiş resursyna degişli esasy düşünjeler we düzgünler “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilendir. Onda belgileýiş resursy diýlip, şahsyýeti anyklamak üçin aragatnaşyk torlarynda ulanmak mümkin bolan belgileýişiň (sanlar, harplar, nyşan aňlatmalary) umumylygyna ýa-da görnüşleriniň bölegine düşünmelidigi aýdylýar.

Bu resurslary düzgünleşdirmek diňe döwletiň ygtyýarlylygyna degişlidir, ol ygtyýarly edara (aragatnaşyk agentligi) operatora beýgileýiş resursyny doly ýa-da bölekleýin üýtgetmek, yzyna almak hukugyny berýär (“Aragatnaşyk hakynda” kanunyň 11-nji maddasy).

Beýgileýiş resursyny alan operator müşderiler hem-de aragatnaşyk hyzmatyndan peýdalanyjylar üçin belgileri özbaşdak berýär, toruň elementleriniň şahsyýeti anyklaýyş kodlaryny, özüne bölünip berlen belgileýiş resursyndan öz torunda aragatnaşyk hyzmatlaryna elýeterliligiň kodlaryny belleýär.