Huawei Türkmenistanda maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär
Maglumat kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) ulgamynda intellektual enjamlary we düzümleýin çözgütleri dünýä derejesinde esasy öndüriji bolan Huawei kompaniýasy Türkmenistanda maglumatlary işleýän uly merkezi gurmagy maksat edinýär. Bu barada ORIENT bilen söhbetdeşliginde Huawei-iň Türkmenistandaky baş direktorynyň orunbasary Ma Sýaole aýtdy.
Aşgabatda geçirilen “Türkmentel-2022” halkara sergisinde Huawei kompaniýasynyň diwarlygy has gelim-gidimli diwarlyklaryň biri boldy. Bu hem düşnüklidir, çünki Hytaý kompaniýasy maglumat kommunikasiýalary tehnologiýasyny hem-de gündelik ulanylýan intellektual enjamlary işläp taýýarlamakda dünýä derejeli liderdir. Üç ýyl mundan ozal kompaniýa MKT-de täze eýýamy – 5G ulgamyny açyp, Mate tapgyryndaky uly smartfonlarynyň täze görnüşini we Kirin990 ykjam prosessorlaryny görkezdi.
Huawei-iň diwarlygyny görmäge gelen köpsanly adamlar kompaniýanyň Türkmenistandaky baş direktorynyň orunbasary Ma Sýaoleden aragatnaşyk torlary, maglumat tehnologiýalary, bulutly çözgütler we şuňa meňzeş beýlekiler babatda biziň döwrümiz üçin utgaşykly özgerişme ähmiýetli çözgütler barada gyzyklanyp soradylar.
– Türkmen bazarynda eýýäm 20 ýyl bäri üstünlikli işleýän kompaniýamyzyň bölüminiň wezipesi her bir türkmenistanla, her öýe hem-de her bir edara täze sanly hakykaty getirmekden ybarat diýip, Huawei-iň ýaş we hyjuwly wekili aýdýar.
Şu ýyllaryň içinde Huawei birnäçe iri taslamalary amala aşyrdy, şol sanda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda ähli gulluklaryň ykjam aragatnaşygyny üpjün etdi.
2021-nji ýylda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi Huawei bilen enjamlary, programma üpjünçiligini we “Altyn asyr” ykjam aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin hyzmatlary getirmek barada şertnama baglaşdy. Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda we Aşgabbat şäherinde Huawei-iň enjamlarynyň oturdylmagy şol şertnamanyň netijesi boldy.
– Şu we beýleki taslamalary kompaniýa ýokary hil derejesinde hem-de bellenen möhletlerde amala aşyrdy – diýip, Huawei-iň Türkmenistandaky baş direktorynyň orunbasary Ma Sýaole sözüni dowam edýär.
Ol şeýle hem ORIENT-e kompaniýanyň ulgamlaýyn maglumaty (SimBG), korporatiw işewürlik toparyny (EBG – Enterprise Business Group) we sarp ediş işewürlik toparyny (CBG – Huawei Consumer Business Group) dolandyrmak boýunça işewürlik toparlary bilen işlemek ýaly alyp barýan iş ugurlary barada gürrüň berdi.
SimBG-iň çäklerinde, mysal üçin, kompaniýanyň Türkmenistanda guran torlarynyň işleýşine gözegçilik alnyp barylýar, korporatiw işewürlik topary hyzmatdaşlara Huawei-iň hödürleýän tehniki çözgütlerine – switç-kommutatorlar ulgamynyň, routerleriň, maglumatlary saklamaga niýetli enjamlaryň, internete elýeterlilik nokatlarynyň yzygiderli işläp durmagyna kömek bermekde işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Şeýle hem Huawei Türkmenistandaky hymatdaşlaryna maglumatlary işleýiş merkezi boýunça hem-de “akylly şäher” tehnologiýalary boýunça toplumlaýyn çözgütlerini hödürleýär. Huawei-iň programmalaýyn we tehniki işläp taýýarlamalary energetika, nebitgaz ulgamlarynda resminamalar bilen işelemekde hem-de beýlekilerde ulanylýar.
– Ajaýyp guralan “Türkmentel-2022” halkara sergisi we maslahaty Türkmenistanda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny durmuşa geçirmekde biziň kompaniýamyzyň kuwwatyny nobatdaky gezek görkezmäge ajaýyp mümkinçilik döretdi – diýip, Ma Sýaole aýdýar.