Türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgda geçiriljek TRANSTEC halkara sergisine gatnaşar

2022-nji ýylyň 29-njy noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Sankt-Peterburgda "Halkara ulag geçelgeleri ulgamynda logistika hereketiniň tehnologiýalary" atly XVII Halkara sergi-forumy TRANSTEC geçiriler.

Çäre, halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde harytlaryň we hyzmatlaryň üpjünçilik ulgamynyň hereketliligini üpjün etmek üçin netijeli logistika çözgütlerini işläp düzmek, şeýle hem, hereketiň ugurlaryny, görnüşlerini, gurallaryny we tizligini halkara, sebitleýin we serhetara bazarlarda toruň özara täsiriniň üznüksiz logistikasy üçin çeýeligi baradaky teklipleri bermek maksady bilen geçirilýär.

Forumy gurnaýjylaryň habaryna görä, oňa gatnaşmak üçin Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Belarusdan, Türkmenistandan, Özbegistandan we beýlekilerden resmi wekiliýetler döredildi.

Forumyň çäginde Russiýanyň ulag bazarlaryna, işewür birleşiklerine, logistika kompaniýalaryna we esasy ýük daşamalara gatnaşyjylar bilen täze mümkinçilikler we aragatnaşyk usullary ara alnyp maslahatlaşylar. Hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekmek bilen bazara gatnaşyjylaryň işewür gepleşikleri meýilleşdirilýär.

TRANSTEC-iň baý iş maksatnamasynyň esasy wakalarynyň biri "Demirgazyk-Günorta” HUG-de logistika toruny ösdürmäge maýa goýum kararlary" mejlisi bolar.