Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

11-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Belent mertebeli myhmany hem-de onuň maşgalasyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ugratdylar.

Ýeri gelende bellesek, şu gün — Türkmenistana saparynyň ikinji gününde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde Türkmen-koreý işewürlik forumyna gatnaşdy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary ýurdumyzyň taryhyna ähmiýetli wakalaryň biri hökmünde girdi. Çünki bu ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm tapgyryny emele getirer.