Deňiz we içerki suw ulagynda daşamak hem-de ulag-ekspedisiýa işleri amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamany almak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy

  1. Bellenen görnüş boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň adyna arza (iş görnüşleri görkezmek bilen);

  2. Hukuk maglumatlary:

    - Ýuridik şahs üçin - esaslandyryş resminamalaryň nusgalary, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ynanç haty, hyzmatyň şertnamasy ýa-da ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlygyny tassyklaýan buýruk;

    - fiziki şahs üçin - hususy telekeçi hökmünde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň nusgasy we onuň pasportynyň nusgasy.

  3. Işleriň, hyzmatlaryň ugurlary boýunça işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin zerur bolan önümçilik we maddy-tehniki binýady barada Ygtyýarlandyryjy edara tarapyndan bellenen görnüş boýunça maglumatlary;(tablisa 1)

  4. Ygtyýarnamanyň dalaşgärinde işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin oňa eýeçilik, kärende hukugy ýa-da başga bir kanuny esasda degişli bolan maddy-tehniki binýadyň (binalaryň, jaýlaryň, desgalaryň, enjamlaryň, tehniki serişdeleriň we ş.m.) bardygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalaryny;

  5. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin oňa eýeçilik, kärende hukugy ýa-da başga bir kanuny esasda degişli bolan gämileri we beýleki ýüzüji serişdeleri saklamak we abatlamak üçin niýetlenen binýatlaryň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň (bu binýatlar bolmadyk ýagdaýynda, görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirýän kärhana bilen baglaşylan şertnamanyň) nusgalary (diňe deňiz we içerki suw ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin);

  6. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň we onuň işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini alyp barmak üçin bellenilen işgärleriniň hünärleri barada Ygtyýarlandyryjy edara tarapyndan bellenen görnüş boýunça maglumatlary, (tablisa 2) şeýle-de:

    - işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmaga laýyk gelýän hünärini tassyklaýan (diplomynyp ýa-da bilimi hakynda beýleki resminamalary, şol hünär derejesini ýokarlandyrmak hakynda) resminamalaryň nusgalary;

    - zähmet depderçesiniň ýa-da iş döwrüni tassyklaýan beýleki resminamanyň, şol sanda işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi boýunça iş döwri baradaky resminamanyň nusgasy;

  7. ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň – gämä eýelik edýäniň deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça jogapkär şahsynyň we beýleki jogapkär ýerine ýetirijileriniň bellenmegi baradaky buýrugyň nusgasy;

  8. ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň - gämä eýelik edýäniň Gämileriň howpsuz ulanylmagyny dolandyrmak we hapalanmagyň öňüni almak boýunça halkara kodeksiniň talaplaryna laýyklygy barada resminamanyň nusgasy (diňe Hazar deňziniň türkmen böleginde deňiz we içerki suw ulagynda daşamak işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri üçin);

  9. ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň nusgasy;

  10. Gämileriň we beýleki ýüzüji desgalaryň, gämi duralgalaryň, enjamlaryň, desgalaryň we beýleki serişdeleriň bellenen talaplara laýyk gelýändigi barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň netijenamasynyň nusgasyny (diňe deňiz we içerki suw ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin);

  11. ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň maddy-tehniki binýadynyň bildirilýän arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş talaplaryna we şertlerine, ýangyna garşy göreş kadalaryna laýyk gelýändigi barada Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň we ýangyn howpsuzlygy edaralarynyň kepilnamalarynyň nusgalary;

  12. Deňiz we içerki suw ulaglarynda daşamak hem-de ulag-ekspedisiýa işlerini amala aşyrmak üçin ozal alnan ygtyýarnamalar baradaky maglumaty (eger bar bolsa).

30.11.00

Gämileriň we beýleki ýüzýän serişdeleriň gurluşygy
Bu kiçi klas öz içine alýar: gezim edilýän gaýykdan başga gämileri we korabllary, beýleki ýüzýän serişdeleri gurmak. Bu kiçi klas öz içine alýar: ulag gämilerini, ýolagçy gämilerini, paromlary, ýük daşaýan gämileri, tankerleri (gapgämileri) we ş.m. gurmak; harby korabyllary, balyk tutulýan gämileri gurmak; Bu kiçi klas şeyle-de öz içine alýar: howa ýassykly gämileri gurmak; ýüzýän we çümýän burawlaýjy platformalary gurmak; beýleki ýüzýän serişdeleri we gurluşlary (ýüzýän doklary, pantonlary, panton köprülerini, kessonlary, ýüzýän pristanlary, buýlary, bakenleri, rezerwuarlary, baržalary, lihterleri, ýüzýän kranlary, sal çekiji gämileri (plot), (sport dynç alşyna niýetlenilmedik) gurmak; gämileri, korabllary, ýüzýän serişdeleri gurmak üçin metal düzütleri öndürmek; Bu kiç klas öz içine almaýar: ýelkenleri öndürmek (13.92 seret); kürekleriň hyrlary we labyrlary (25.99 seret), gämi nawigasion serişdelerini (26.51 seret), yşyklandyryjy enjamlary (27.40 seret), gami herekete getirijilerini (28.11 seret), amfibiýalary (29.10 seret), gezim etmek üçin çişirilýän gämileri (30.12 seret) gurmak işleri. Gämilerde tehniki taýdan hyzmat etmek we ýöriteleşdirilen abatlaýyş işlerini geçirmek (33.15 seret); gämileri kesmek işi (38.11 seret); gäminiň içki bezeglerini etmek (43.3 seret);

33.15.00

Suw ulaglaryny abatlamak we olara tehniki taýdan hyzmat ýetmek işi
Bu kiçi klas öz içine alýar: suw ulaglaryny abatlamak işi we olara tehniki taýdan hyzmat etmek Bu kiçi klas öz içine alýar: gämileri we korabllary, gezelenç edilýän gämileri we gaýyklary abatlamak işi we olara tehniki taýdan hyzmat etmek işi Bu kiç klas öz içine almaýar: suw ulaglarynyň durkuny täzelemek we doly abatlamak işini geçirmek (30.1 seret); zawoddaky gämileriň we korabllaryň konwersiýasy (30.1 seret); herekete getirijileri abatlamak işi (33.12 seret);korabllary kesmek (38.31 seret)

42.91.20

Deňiz düýbüni çuňlaşdyrmak işleri
Bu kiçi klas öz içine alýar: portlara gelýän suw geçiş ýollaryny çuňaltmak, gämi duralgalary, deňiz portunyň akwatoriýasyny çuňaltmak we giňeltmek;

42.91.30

Deňizde suwasty tehniki işler
Bu kiçi klas öz içine alýar: akwatoriýanyň düýbüni we desgalaryň suwasty böleklerini barlamak boýunça suwa girme işleri, gämileriň we beýleki ýüzýän desgalaryň daşky bölegini gözden geçirmek we arassalamak boýunça suwa girme işleri, suwuň astynda kebşirleme işler

50.10.00

Deňiz ýolagçy ulagynyň işi
Bu kiçi klas öz içine alýar: bellenen tertibe boýun egýän ýa-da boýun egmeýän suw ýoly bilen ýolagçy gatnadýan ulag serişdeleri (ekskursiýa alyp gidýän, gezelenç edilýän, syýahatçylyk üçin gämiler, paromlar we ş.m.); gämileri ekipažy bilen kärendesine bermek Bu kiç klas öz içine almaýar: gämileriň bortunda ýerleşýän restoranlaryň, barlaryň edýän hyzmaty, eger olar özbaşdak birlik bolup durýan bolsalar (56.10, 56.30 seret); beýleki ekipažsyz gämileri kärendesine bermek (77.21 seret); “Ýüzýän kazinonyň” işi (92.00 seret);

50.20.00

Deňiz ýük ulagynyň işi (howply ýükleri daşamak muňa girmeýär)
Bu kiçi klas öz içine alýar: bellenen tertibe boýun egýän ýa-da egmeýän, gämiler arkaly suw ýoly bilen ýük daşamak; buksirleri ýa-da barжany itiji-buksirleri, burawlaýjy gurluşly ýüzýän platformalary we ş.m.; ýük gämilerini ekipažlary bilen kärendesine bermek Bu kiç klas öz içine almaýar: ýükleri ammarlarda saklamak işi (52.10 seret); ýükleri ulagda işlemek, ýükleri saklamak, port operasiýalary we beýleki kömekçi işler (gämini dokda goýmak, losman gämisini geçirmek; gämidäki ýükleri lihter arkaly ýüklemek we düşürmek (52.22, 52.24 seret); gämini ekipažsyz kärendesine bermek (77.34 seret); howply ýükleri daşamak (50.20.10 seret);

50.30.00

Derýa ýolagçy ulagynyň işi
Bu kiçi klas öz içine alýar: derýalarda, kanallarda, köllerde we beýleki içki suw ýollarynda, şeýle hem gawan çäklerinde, portlarda ýolagçy daşamak Bu kiç klas öz içine almaýar: gämileri ekipažsyz kärendesine bermek (77.34 seret);

50.40.00

Derýa ýük ulagynyň işi (howply ýükleri daşamak muňa girmeýär)
Bu kiçi klas öz içine alýar: derýalarda, kanallarda, köllerde we beýleki içki suwlarda, şeyle hem gawan çäklerinde, portlarda ýük daşamak; gämileri ekipažy bilen kärendesine bermek; Bu kiç klas öz içine almaýar: howply ýükleri daşamak (50.40.10 seret); gämileri ekipažsyz kärendesine bermek (77.34 seret); ýükleri ugratmaga taýýarlamak (52.24 seret);

52.10.00

Ammarlarda ýükleri saklamak (diňe portlarda we port nokatlarynda ýükleri saklamak)
Bu kiçi klas öz içine alýar: ýükleriň ähli görnüşlerini ammarlarda ýerleşdirmek we saklamak işi: däne saklanýan ammarlarda, haryt saklanýan ammarlarda, içi sowadyjyly ammarlarda, bunkerlerde we ş.m.; harytlary gümrük haksyz zonalardaky ammarlarda saklamak; ýükleri doňduryp saklamak; portlarda we port nokatlarynda ýükleri saklamak; Bu kiç klas öz içine almaýar: awtoulag duralgalaryny ulanmak (52.21 seret); hususy ammarlary hakyna bermek (68.20 seret); boş ýerleri kärendesine bermek (68.20 seret);

52.22.12

Deňiz agentirleme boýunça iş

52.24.00

Ulaglarda ugratmak üçin ýükleri işläp taýýarlamak işi (diňe stiwidor işleri (portlarda ýükleri düşürmek we ýüklemek))

Ulag-ekspedisiýa işi

52.29.25

Deňiz ulaglarynda ýükleri ýekspetisiýa ýetmek boýunça iş