Habarlar

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

11.07.2025ý

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň gallaçylaryny zähmet ýeňşi bilen gutlady

11.07.2025ý

Türkmenistanyň işjeň diplomatiýasy: Telefon arkaly şöhbetdeşligiň üns merkezinde LLDC3-e taýýarlyk

11.07.2025ý

Astrahan oblastyndaky türkmen talyplarynyň sany 60% artdy

10.07.2025ý

Türkmen wekiliýeti TDG-niň agza we synçy ýurtlarynyň syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

10.07.2025ý

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy

10.07.2025ý

Halk Maslahatynyň Başlygy Awazadaky halkara maslahatyň geçiriljek ýeri bilen tanyşdy

10.07.2025ý

Türkmenistan BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

10.07.2025ý

Türkmenistan Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

10.07.2025ý

Maýa goýum taslamasy: Sarahs–Mary–Serhetabat awtomobil ýoly Ýewraziýanyň üstaşyr kartasyny nähilli üýtgeder

09.07.2025ý

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

09.07.2025ý

Halk Maslahatynyň Başlygy Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar

09.07.2025ý

Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady

09.07.2025ý

Türkmen ulag operatory Çžeszýandan Baku portuna synag konteýner otlusyny ugratdy

09.07.2025ý

Serbiýada Türkmenistanyň täze ilçisi işe başlady

08.07.2025ý

Türkmenistanyň daşary işler ministri gyrgyzystanly, lesotoly we eswatinili kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

08.07.2025ý

Türkmenistan iki sany «Ro-Ro» paromynyň we bir gury ýük daşaýan gäminiň gurluşygyna başlar

08.07.2025ý

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

08.07.2025ý

Türkmenistan bilen Polşa kanun çykaryjy ugurda tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

07.07.2025ý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

07.07.2025ý

Agentlik barada

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 9-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «biziň ykdysadyýetde strategik ugrumyz, Konstitusiýamyzda bellenişi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmek bolup durýar» - diýip nygtady. «Şoňa görä-de, ähli döwlet kärhanalary ýuwaş-ýuwaşdan hususylaşdyrylýar ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilýär. Häzirki döwürde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň garamagyndaky ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilip, olar agentliklere öwrüldi» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň degişli kararlaryna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesiniň deregine ministrligiň hukuklarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredildi. «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhowaýollary» agentligi hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi täze döredilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyna berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ulag, aragatnaşyk, kosmos, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän, döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we oňa gözegçilik edilmegini amala aşyrýan döwlet edarasy bolup durýar.

Bildiriş

Guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridiki şahslar hem-de bellenen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan, ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara işiň degişli görnüşleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan ygtyýarlylandyrylýandygy barada habar berýäris.

Munuň üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň saýtynda görkezilen sanawlardaky resminamalary jemläp, golaýdaky poçta edaralaryna tabşyrylmagy zerurdyr. Ygtyýarnama almak üçin resminamalaryň poçta arkaly iberilmegi tölegsiz amala aşyrylar (Sanawda ýetmeýän resminamalaryň Agentlige gaýtadan iberilmegi muňa girmeýär).

Resminamalar tabşyrylanda, poçta berilýän arzada mobil telefon belgiňizi görkezmegiňizi haýyş edýäris. Şunda ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan amala aşyrylýan her bir hereket barada siziň telefonyňyza SMS habary iberiler we şol telefon belgiňiz bilen e.gov.tm saýtynda şahsy otaga birigip, ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly ýa-da bermekden ýüz dönderilmeginiň sebäpleri barada giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky agentlikler

Döwlet hyzmatlar portaly

Döwlet hyzmatlary - bu döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly bolup, ol her bir raýata döwlet we ýerli hyzmatlar baradaky maglumatlary anyklamaga mümkinçilik berýär

Habaralaşmak üçin

Biziň salgymyz

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý 7

Email

tca@sanly.tm

Telefon belgisi

+993 12 94 06 29,
+993 12 94 08 76
+993 12 94 06 39

Ýüklenilýär
Siziň hatyňyz iberildi