• Email: info@turkmenistanairlines.tm
  • Salgymyz: Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan
  • Telefon belgisi: +993 12 37-84-32 / 37-84-52
  • Telefon belgisi: +993 12 23-45-51 / 23-03-18
  • URL: www.turkmenistanairlines.tm

«Türkmenhowaýollary» agentligi

«Türkmenhowaýollary» agentligi daşary ykdysady gatnaşyklar daşary ýurtlar bilen baglaşylan halkara ylalaşyklaryň esasynda we raýat awiasiýa pudagyndaky halkara konwensiýalaryň esasynda amala aşyrylýar, şeýlelik bilen bu pudak daşary ýurtlar bilen 50-den gowrak dürli ylalaşyklaryň gatnaşyjysydyr, şeýle hem Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO), Howa giňişligini ulanma geňeşiniň, şeýle hem Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasydyr, Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Ýewropa agentligi bilen bilelikde hereket edýär (EASA).

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ýyl-ýyldan uly depginde üýtgäp, Türkmenistanyň halk hojalygynda, saglygy goraýyşda ýolagçylarynyň, goşlaryň, ýükleriň, poçtaň daşamasy, Türkmenistanyň howa giňişliginde howa gämileriň gatnawyny, şeýle-de Türkmenistanyň ilatynyň dürli zerurlyklaryny üpjün etmek boýunça öz wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat awiasiýasy köpfunksional ulgamdyr: Aşgabat Halkara howa menzili, Türkmenbaşy halkara howa menzili, Türkmenabat halkara howa menzili, Daşoguz halkara howa menzili, Mary halkara howa menzili, şeýle hem Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi, “Laçyn” myhmanhanasy, Howa gatnawlarynyň baş gullugy, Jemagat hojalyk kärhanasy, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, şeýle hem awiadaşamalaryň we awiasiýa işlerini we Türkmenistanyň howa giňişliginde üstaşyr geçelgeleriniň üpjünçiligini howpsuz ýerine ýetirilmesi boýunça bitewi önümçilik-tehnologiki prosesini üpjün edýän beýleki awiasiýa guramalaryň bir toparydyr.