• Email: mincom@telecom.tm
  • Salgymyz: Aşgabat şäheri Arçabil şaýoly 88
  • Telefon belgisi: +993 12 44 93 93
  • URL: www.mincom.gov.tm

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalary, şu günki günde, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylan binalarda sanly ulgamyň gerimini giňeltmek we hilni ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýurdumyzyň ähli künjegini magistral we içki zolakly optiki we radio-rele liniýalary, öýjükli telefon hyzmatlary, ýokary tizlikli internet we telewideniýe hyzmatlary bilen üpjün edýär. Häzirki wagtda, ýurdumyz sebitara maglumat köprüsi bolup, 7 sany halkara ugurlary boýunça ýokary tizlikli optiki-süýüm birikmelerini ulanyşa girizdi. «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň poçta gullugy hyzmatlaryny geçen asyryň jümmüşinden şu günlerimize çenli abraýly ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda hem, birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup, göniden-göni «Aragatnaşyk boýunça sebitara arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň» (PCC) «Bütindünýä poçta birleşigi» (ВПС) «Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi» (ITU) ýaly abraýly guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklary alyp barýar. 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ilkinji “TürkmenÄlem520E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasy geostasionar orbita çykaryldy. Hemra üç sany kabul ediji we iberiji (EAST, WEST we MENA) antennalaryndan ybarat bolup, bu antennalaryň Merkezi Aziýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlaryna hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny giňden ornaşdyrmaga mümkinçiligi bar. Hemra giň çäkleri örtmäge ukyplylygy bilen Türkmenistan döwletimizi Ýewropa we Aziýa döwletleriniň arasynda ýaýlymlary üstaşyr geçiriji ýurt hökmünde ýaýbaňlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Wagtyňyzy bisarpa geçirmäň! Her bir sekundy, her bir minudy netijeli peýdalanyň! Bu biziň kosmiki tizlikli eýýamymyzda hem-de maglumatlar tilsimatlary asyrymyzda iň gymmatly zatdyr» diýen sözlerinden ugur alyp, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi we «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti internet ulgamynyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşýan täze pikirler esasynda programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak, ylmy açyşlary we oýlap tapmalary işläp düzmek boýunça ýaşlary taýýarlaýan bilim ojaklary hereket edýär. «Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilen ugurlarynyň biridir. Bu jemgyýet döwrüň talaplaryna hem-de ýagdaýlaryna kybap gelýän, adamlaryň sosial durmuşlaryny ýakynlaşdyrýan, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň täze äheňini döredýän wezipeleri ýerine ýetirýär. «Aşgabat şäher telefon ulgamy» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem merjen şäherimiz Aşgabadyň aýdyň geljegini nazarlaýan aragatnaşyk hyzmatlarynyň täze ugurlaryny durmuşa ornaşdyryp, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň abraýyny has-da ýokarlandyrýar. «Türkmendomen» hojalyk jemgyýeti «.TM» ýokarky derejeli milli domende, ýagny co.tm, com.tm, net.tm, edu.tm, gov.tm, mil.tm domen atlaryny ".TM" ýokarky derejeli milli domeninde domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň Tertibine laýyklykda bellige almak işlerini amala aşyrýar. Häzirki wagtda, ýurdumyz boýunça jemi müňe ýakyn internet web-saýtlary döredilip, «Türkmendomen» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bellige alyndy, olaryň iki ýüze golaýy elektron nokatlary we Internet dükanlarydyr. Aragatnaşyk ulgamynyň agzybir we zähmetsöýer hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň aragatnaşyk ulgamynyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirýän ägirt işlerini özlerine baş ýörelge edinip, maglumat-telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmekde we eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny älem giňişligine äşgär etmekde, ähli başarnyklaryny we tagallalaryny gaýgyrman yhlasly zähmet çekýärler.