• Email: info@awotulag.gov.tm
  • Salgymyz: Arçabil şaýoly, ş.Aşgabat, Türkmenistan
  • Telefon belgisi: +993 (12) 390356
  • URL: www.awtoulag.gov.tm

«Türkmenawtoulaglary» agentligi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagy dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň öndürýän häzirki zaman awtoulaglary bilen üpjün edilýär. Bu awtoulaglar bilen ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça ýokary hilli we medeniýetli awtoulag hyzmatlar ýerine ýetirilýär.

«Toyota Corolla» we «Hyundai Elantra» kysymly ýeňil taksi awtoulaglar bilen gije-gündiziň dowamynda taksi hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Ýolagçylar üçin has oňaýly we amatly şertleri döretmek maksady bilen, taksilerde ýol nyrhyny nagt däl görnüşinde amala aşyrmaklyga hem-de olar üçin internet ulgamy arkaly ýa-da 0555 gysga belgi bilen telefon arkaly buýurmalary kabul etmeklige mümkinçilik döredildi. Ýurdumyz boýunça jemi 607 sany, şolardan 168 sany şäheriçi, 336 sany şäherýaka we 103 sany şäherara awtobus ugurlary bolup, ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli awtoulag hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Şeýle hem buýurmalar esasynda hem hyzmatlar ýerine ýetirilýär. Awtobus gatnawlara bolan islegleri kanagatlandyrmak, hyzmatlaryň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen täze awtobus ugurlary açylýar we zerur bolan ugurlara üýtgetmeler girizilýär. Şäheriçi awtobuslarda ýol nyrhyny nagt däl görnüşinde amala aşyrmaklyga mümkinçilik döredildi. Paýtagtymyzdan ýurdumyzyň welaýatlaryna şäherara ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslara ýol peteklerini internet ulgamy arkaly satyn almak hyzmaty ýola goýuldy.

Döwrebap «KAMAZ» kysymly ýük awtoulaglary halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzda alnyp barylýan iri gurluşyklarda hem-de ýurdumyzda ýetişdirilýän galla hasylyny we beýleki oba hojalyk ekinlerini daşamakda giňden ulanylýar.

Ýurtda awtoulag hyzmatlaryna bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmek maksady bilen, elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtomobil mekdeplerinde awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçirilýär.