• Email:tde@online.tm
  • Salgymyz: Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, jaý 7
  • Telefon belgisi:+993 (12) 38-32-75
  • URL: www.railway.gov.tm

«Türkmendemirýollary» agentligi

“Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan Beýik ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädilýän ädimler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl, eýsem, sebit we hatda bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi. Ýurdumyzda “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň esasy we barha kämilleşýän ugurlarynyň biri bolan demir ýol ulaglary pudagy ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam edýär.

Hormatly Prezidendimiziň taýsyz tagallalary bilen demir ýol ulaglary pudagynda ýükleri daşamak boýunça ulag-logistika düzümi gün saýyn öňe barýar, bütin dünýä bazar ykdysadyýetine geçmekde uly işler alnyp barylýar. Mundan başgada “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan “Ýolagçy petekleri satmak programma üpjünçilik” toplumy işlenip taýýarlanyldy. Bu programma üpjünçiligi toplumynyň içinde mobil telefonlar arkaly, ýagny android hem-de iOS üçin niýetlenen mobil goşundylary hem halk köpçüligine ýetirildi. Şeýle-de ýolagçy otlularyna ýolagçy peteklerini elektron görnüşinde satmak üçin “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň railway.gov.tm web-saýty hem döredildi. Bu bolsa ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakda, kagyz göterijileri aradan aýyrmakda, ykdysady taýdan has amatly hem-de bazar ykdysadyýetine geçmekde “Türkmendemirýollary” agentliginiň öňde baryjylaryň hatarynda bolmaklygyna uly itergi berýär.