Halkara ulag hyzmatdaşlygy

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, ähli pudaklaryň ösüş ýagdaýyny, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň pudaklaýyn düzüminiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, nou-haulary ornaşdyrmak ugrunda birnäçe ähmiýetli işler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly üstünliklere beslenjek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ösüşiniň täze tapgyryna gadam basan ulag we kommunikasiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça birnäçe çäreler geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň ulag ministrleriniň sanly ulgam arkaly geçirilen 11-nji maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda üstaşyr ýük daşamalary ýönekeýleşdirmegiň we düzgünleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem YHG sebitinde ulag gatnawynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatda pikir alşyldy. Geçen hepde bolsa HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhmany hökmünde gatnaşmak boýunça Hytaý Halk Respublikasyna eden iş saparynyň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalary hytaýly kärdeşleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan üçin Hytaý diňe bir beýik döwlet, dünýäniň örän kuwwatly ykdysady we senagat merkezi, giň we geljegi uly bazar däl-de, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly dostdur. Bu gün biziň gatnaşyklarymyz uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary hytaýly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy barada maslahat geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda soňky ýyllarda iki döwletiň özara tagallalary netijesinde strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hytaýyň birnäçe kompaniýalarynyň wekilleri bilen onlaýn görnüşde duşuşyk geçirdi. Şunda ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Bu ulgamyň ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ähmiýetini nazarda tutup, Türkmenistan hem, Hytaý hem oňa aýratyn ähmiýet berýärler. “China Civil Engineering Construction Corporation” korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda Hytaýyň eksport-import ýüklerini has amatly ugur boýunça Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmegiň, demir ýollar arkaly daşalýan üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmagyň, şeýle hem şu pudagyň teplowoz we ýolagçy wagonlaryna gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary ibermegiň hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. HHR-iň iri maşyngurluşyk kompaniýalarynyň biri bolan “China Machinery Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň ýurdumyzda amala aşyrylýan gämigurluşyk taslamalaryny maliýeleşdirmek we hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýändigi barada aýdyldy. Hytaý ulag-aragatnaşyk assosiasiýasynyň ýanyndaky Halkara konteýner demir ýol ulaglaryny gurnamak işleri boýunça utgaşdyryjy merkeziň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde hytaý tarapy ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirdi. Mundan başga-da, Ýewropa we Türkiýe ugurlary boýunça Türkmenistanyň çäginden ýük konteýner demir ýol ulaglaryny geçirmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, HHR ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, ýurdumyzyň ulag pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi. Bu ulgamda netijeli häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işler dowam edýär. Biziň ýurdumyz durnukly ulag ulgamynda dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan mazmunly we anyk Kararnamalaryň kabul edilmeginiň başyny başlaýar hem-de ýokary derejeli forumlarda anyk teklipler bilen çykyş edýär. Şeýle forumlaryň biri geçen ýylyň oktýabr aýynda Pekinde geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ikinji ählumumy maslahatydyr. Onuň işine Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu gün ulag ulgamy dünýähojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän hem-de BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynda möhüm orun eýeleýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede täze, döwrüň isleg bildirýän möhüm başlangyçlaryna, şol sanda ýurdumyz tarapyndan işjeň öňe sürülýän, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýa hem- de hytaýly hyzmatdaşlaryň “Bir guşak — bir ýol” konsepsiýasyna özara goldaw berilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şolar dürli yklymlaryň, ýurtlaryň arasyndaky ozal bar bolan söwda ýollaryny we ykdysady geçelgeleri kämilleşdirmäge hem-de şeýle ýollaryň täzelerini kemala getirmäge gönükdirilendir. Taraplar taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän türkmen-hytaý gatnaşyklaryna, ählumumy ösüşiň ýagdaýlaryna umumy meýilleri we birmeňzeş garaýyşlary nazarda tutup, uly geljegiň garaşýandygyna ynam bildirdiler. Bir söz bilen aýdylanda, geçirilen iş duşuşyklary Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklara we deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine oňyn çemeleşmäni görkezýändigini, dürli ulgamlarda, şol sanda ileri tutulýan ugur bolan ulag ulgamynda möhüm düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar. Ýurdumyz çäk taýdan amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatyna eýedir. Merkezi Aziýanyň çägi dünýäniň iri bazarlaryna çykarylmagyny üpjün edýän Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň möhüm geçelgesi bolup durýar. Milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, multimodal, logistika we üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döredilýär.