Çehiýa Ýewropadan Türkmenistana, Özbegistana we Gazagystana demir ýol arkaly syýahaty guramagy teklip edýär

Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu ýakynda Ankaranyň adyna Çehiýanyň Demirýollary hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň agzalarynyň birinden hatyň gelip gowşandygyny gürrüň berdi. Şol hatda 2024-nji ýyla Çehiýadan başlap, Gazagystana çenli syýahatçylyk gatnawlaryny ýola goýmak teklip edilýär. Bu ugur aşakdaky ýaly tertipde teklip edilýär: Çehiýa, Slowakiýa, Wengriýa, Bolgariýa, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan.

Bu barada Türkiýäniň Ulag ministrliginiň ýolbaşçysy Aktauda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň daşary işler we ulag ministrleriniň mejlisinde habar berdi diýip, anna güni “Anadolu” habarlar gullugy habar berýär.

"Bu ugurdaky päsgelçilikleri aýyrmak üçin has köp tagalla edilmelidigini bellemek isleýärin" diýip, Karaismailoglu aýtdy.

Şeýle hem ol, Türkiýäniň Ankara bilen Kars aralygynda hereket edýän “Gündogar Express” demir ýol arkaly gatnawy Baku şäherine çenli uzaltmagy teklip edýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýolunyň işe girizilmegi bilen diňe bir ýük daşamagyň däl, eýsem ýolagçy gatnawynyň hem ähmiýeti artdy. "Ýakynda Gruziýada bolan saparymda, men jenap Raşad Nabiýewe [Azerbaýjanyň ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministri] ýolagçy gatnawlarynyň ugruny Bakuwa çenli uzaltmagy teklip etdim" diýip, Karaismailoglu habar berdi.

Karaismailoglu şeýle hem, Türki döwletleriniň guramasynyň çäginde ýol gatnawlary boýunça Bilelikdäki utgaşdyryjy geňeşi döretmegi teklip etdi.