Täjigistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýet agzalary Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler. Duşuşyga türkmen wekiliýeti Birleşmäniň obasenagat we balykçylyk bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär.
Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meseleleri gepleşikleriň esasy özenini düzdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli taslama giňişleýin maslahatlaşyldy hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşant goşjak beýleki meselelere garaldy.
Iki ýurduň söwda-ykdysady bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistanyň Duşenbedäki Söwda öýüniň açylmagy türkmen önüm öndürijileriniň öndürýän harytlarynyň täjik bazaryna eksportyny giňeltmäge ýardam eder. Bu babatdaky başlangyç ilkinji gezek 2020-nji ýylda öňe sürlüpdi.