Türkmen we tatar ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow we Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew Innopolis uniwersitetiniň prorektory Ýewgeniý Bobrow bilen gepleşikleri geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Russiýanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okatmagyň häzirki zaman usullary, ylmy barlaglar we beýleki ugurlar boýunça özara tejribe alyşmak üçin hyzmatdaşlygy ýola goýaga gyzyklanma bildirdiler. Türkmen ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Innopolis uniwersitetde okadylýan ugurlar türkmen tarapynda uly gyzyklanma döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanmyrat Mezilow Türkmenistanyň tehnologiýa babatda öňdebaryjy bilim ojagynyň tatar ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleriniň arasynda özara alyşmalary guramaga gyzyklanmalaryny beýan etdi. Innopolis uniwersiteti maglumat tehnologiýalary we inženeriýa ugrunda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan öňdebaryjy bilim merkezleriniň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory tatar tarapyny ýokary okuw mekdebinde geçiriljek halkara ylmy maslahatlara gatnaşmaga çagyrdy. Taraplar şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk Ähtnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça hem ylalaşyga geldiler.