«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara forumy gatnaşyjylaryna garaşýar

«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XV halkara ykdysady forumy 2024-nji ýylyň 14 – 19-njy marty aralygynda Kazanda (Russiýa Federasiýasy, Tatarystan Respublikasy) geçiriler.

«KazanForum» – Russiýa bilen Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklary üçin esasy meýdançadyr, bilermenleriň dialogy, möhüm maglumatlary alyşmak, halkara taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek barada möhüm bilelikdäki kararlary kabul etmek üçin uly mümkinçilikdir. Forumyň maksady Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen 57 döwleti öz içine alýan Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, bilim, jemgyýetçilik we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

2024-nji ýylda geçiriljek Kazan forumynyň esasy mowzuklary: Yslam maliýe ulgamy, halal önümleriň senagaty, halkara maýa goýumlary, senagat, innowasion tehnologiýalar, energetika, logistika, syýahatçylyk, diplomatiýa, ESG-niň ýörelgeleri, kiçi we orta telekeçilik, lukmançylyk, sport, media ulgamy we beýlekiler.

«KazanForum» atly foruma gatnaşyjylar – Yslam dünýäsiniň ýurtlaryndan öňdebaryjy bilermenler: halkara guramalaryň, milli diplomatik wekilhanalaryň, yslam din edaralarynyň, döwlet dolandyryş edaralarynyň, maliýe institutlarynyň, iri halkara işewürligiň wekillerinden, parlamentleriň deputatlaryndan, maýadarlardan, telekeçilerden, mdiakorporasiýalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryndan ybaratdyr.

Çäräniň işewürlik we medeni maksatnamasy bilermenleriň 100-e golaý sessiýalaryny, «Russiýa – Yslam dünýäsi» Strategiki gözegçilik toparynyň mejlisini, söwda-senagat edaralarynyň halkara forumyny, «Russia Halal Expo» sergisini, halal önümleriň ýarmarkasyny, yslam moda festiwalyny we Tatarystan Respublikasynyň ruhy -taryhy ýerlerine gezelençleri öz içine alýar.

Çärä gönüden-göni gatnaşyk we onlaýn görnüşlerde geçirilýär. Forum we gatnaşyjylaryň hasaba alynmagy baradaky ähli maglumatlar www.kazanforum.ru resmi saýtynda elýeterlidir.

KazanForumyň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Federasiýa Geňeşiniň we Tatarstan Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen geçirilýändigini we federal statusynyň bardygyny ýatladýarys. 2023-nji ýylda forum saýtyna 80 ýurtdan 16 müňden gowrak adam geldi we dürli ugurlarda 130 şertnama gol çekildi.

Ýeri gelende bellesek, «KazanForum» Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň goldaw bermeginde geçirilýär we federal hukuk derejesine eýedir. 2023-nji ýylda foruma dünýäniň 80 ýurdundan 16 müňden gowrak adam gatnaşdy we dürli ugurlarda 130 ylalaşyga gol çekildi.