Türkmenistan «Demirgazyk-Günorta» halkara geçelgesinde ýükleriň üstaşyr geçirilişini aýda 17 otly düzümine çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

«Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň (Gazagystan-Türkmenistan-Eýran) gündogar şahasyndaky yzygiderli ýük daşaýan otlylarynyň sanynyň aýda 17 otly düzümine çenli artdyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarowa salgylanyp, TASS agentligi habar berýär.

 

«Şu ýylyň noýabr aýynyň başynda «RŽD» paýdarlar jemgyýeti we «RŽD Logistika» kompaniýasynyň işgärleri bilen 31 sany konteýnerden ybarat bolan ilkinji otlyny şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Eýran bilen serhetdäki Sarahsda dabaraly garşy aldyk. Aýda yzygiderli ýagdaýda jemi 17 otlynyň hereket etmegi wezipe edilip goýuldy, ol hem ýerine ýetiriler. Indi dekabr aýynda ýene bir otly düzümine garaşýarys. Emma indiki ýyldan başlap, aýda 17 otlynyň hereket etmegini ýola goýmak işlerini amala aşyrarys» - diýip, Ýelizarow nygtady.

 

Mundan başga-da, häzirki wagtda Russiýanyň ýük daşaýjy otlylarynyň eýýäm ýurduň çäginden geçip, türkmen tarapyndan has köp möçberde ýük äkitmeklige isleg bildirilendigi mälim edildi we Türkmenistanyň ýükleri üstaşyr geçirmekde kuwwatynyň uludygy aýratyn bellenildi.