Türkmenistanyň DIM-nde Pakistanyň diplomatik işini tamamlaýan ilçisi kabul edildi
Daşary işler ministrliginiň binasynda ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmet bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň başynda ministriň orunbasary türkmen-pakistan dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge goşan goşandy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi we bu wezipede işlän döwründe ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady hyzmatdaşlykda täze ösüşleriň hem üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki esasynyň energetika pudagynda, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Pakistanyň ilçisi Türkmenistanda alyp baran diplomatik işiniň dowamynda hemmetaraplaýyn hemaýaty we goldawy üçin Daşary işler ministrligine minnetdarlygyny bildirdi.