Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň gurnamagynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi
1-nji martda paýtagtymyzyň «Gül Zaman» toý mekanynda Ulag-kommunikasiýa pudagynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli «Zenan kalby – zemin görki» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Halkara zenanlar güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe bolup döwlet derejesinde türkmen jemgyýetinde zenanlara uly sarpa we hormat goýulýandygyny alamatlandyrýar.
Baýramçylyk dabarasynda aýdym-sazlar, goşgular, wäşi artistleriň sahnalary, tans çykyşlary bu dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan işleriniň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.