Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlaryna we mümkinçiliklerine bagyşlanan halkara maslahat geçiriler
27-28-nji martda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçiriler. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowanyň hasabatynda mälim edildi.
Foruma ugurdaş halkara düzümleriň, ýurdumyzyň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşarlar. Wekiller üçin Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler, muzeýler, umuman, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary üçin şertler dörediler.
Şeýle hem myhmanlary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.