Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ösüş görkezijiler: meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilmegi we öňde durýan wezipeler
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda şu ýylyň ýanwar - fewral aýlarynda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi.
Daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,5 göterime deň boldy.
Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirildi. Çalgy ýaglaryny öndürmekde ýokary ösüş gazanylyp, bu babatdaky meýilnama 109 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim ýerine ýetirildi.
Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Batyr Amanow özüniň hasabatynda mälim etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.