Owganystan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa eksportyny artdyrýar

        Owganystan söwdany giňeltmek we ýerli senagaty ösdürmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa harytlaryň eksportyny artdyrýar. Bu barada Bahtar habarlar agentligi habar berýär.

 

Owganystanyň Söwda we senagat edarasynyň agzasy Hanjan Alkozi: «Bu gün Owganystandan Ýewropa bahasy birnäçe million amerikan dollaryna barabar bolan 120 tonna guradylan miweler, şafran (zagpyran), haly we minerallar iberildi» - diýip, bu barada mälim etdi.

 

Owganystanyň söwda we senagat ministrligi telekeçileriň ýurduň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýändiklerini, şeýle hem maýadarlary, daýhanlary we senagatçylary goldamak arkaly söwdany artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

 

Häzirki wagtda Owganystanyň Ýewropa ýurtlaryna eksporty Owganystany, Türkmenistany, Azerbaýjany we Türkiýäni birleşdirýän üstaşyr taslamasy Lapis Lazuli halkara geçelgesiniň üsti bilen amala aşyrylýar.