Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler

Aşgabat şäherinde ýene-de bir ýarym aýdan, ýagny 15-nji aprelde hokkeý boýunça halkara ýaryşa badalga berler. Hokkeý ýaryşlary paýtagtyň Gyşky oýunlar sport toplumynda 20-nji aprele çenli geçiriler.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge ygtyýarlyk berýän degişli Karara gol çekdi.

Hokkeý boýunça halkara ýaryş halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek maksady bilen guralýar.