Ýanwar - fewral aýlarynda Türkmenistanyň senagat we söwda toplumynyň ösüşi

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Batyr Atdaýew gözegçilik edýän edara-kärhanalaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şu ýylyň iki aýynda alyp baran işleri barada hasabat berdi.

Geçen döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagy depginli ösdi we 105,7 göterime deň boldy. Şunda senagat önümçiliginiň ösüş depgini 107,3 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini hem 104,1 göterime deň boldy.

"Türkmenhaly" döwlet birleşiginde ýerine ýetirilen işleriň ösüşui 104,2 göterime barabar boldy.

Geçen iki aýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 16 maslahat gurap, ýerine ýetirilen işleriň möçberini 103,4 göterime ýetirdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,2 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça nah matalary öndürmegiň meýilnamasy 100 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 100 göterime, gön önümleriniňki bolsa 106,1 göterime deň boldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar-fewral aýlarynda birža söwdalarynyň 49-sy geçirilip, 4 müň 455 şertnama hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda işleri döwrebap ýola goýup, azyk önümleriniň hem-de halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şunda halkara tejribeden ugur alyp, söwda işini kämilleşdirmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.