TDHÇB-de söwdalar: içerki bazarda bitum we türkmen halylary ýerlenildi

Anna güni, 1-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki bazarda bitum we türkmen halylary ýerlenildi.

Türkmen telekeçileri «BND 60/90» kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 2 516 060,07 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.