«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Deňiz agentirleme işleri boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody deňiz gämi gatnaw pudagynda müşderileriň dürli isleglerini kanagatlandyrmak üçin Deňiz agentirleme işleri boýunça hyzmatlary hödürleýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär.
Deňiz agentirleme – gämi eýesiniň wekili hökmünde çykyş edýär we gämi eýesinden talap edilýän ähli zerur borçlary we talaplary ýerine ýetirýär. «Balkan» zawody araçy hyzmatlaryň giň toplumyny, şeýle hem gümrük barlagy üçin resminamalary resmileşdirmek, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek, port geçelgeleri üçin rugsatnamalary we ekipaž agzalary üçin wiza resminamalaryny resmileşdirmek we ş.m. hyzmatlary hödürleýär.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gämi abatlaýyş işlerinden başlap, gämi duralga hyzmatlary, döwrebaplaşdyrma, gaýtadan enjamlaşdyrma, täze gämileriň gurluşygy we tehniki hyzmatlary boýunça özüniň müşderileri üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürläp biler.