Türkmenistan bilen Germaniýa Berlinde Parfiýa we Seljuk şalyklarynyň mirasyna degişli serginiň geçirilmegini meýilleşdirdi

Berlin şäheriniň Täze muzeýinde Parfiýa imperiýasy we Seljuk şalyklarynyň mirasyna degişli serginiň geçirilmegi meýilleşdirildi.

Bu barada 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mälim edildi.

Bellenilişi ýaly, ýurduň Medeniýet ministrliginiň we Berliniň Täze muzeýiniň ýolbaşçylary sergini guramak meselesi boýunça wideo konferensiýa arkaly eýýäm ýygnak geçirdiler.

Türkmenistandaky muzeýleriň ýygyndylarynda bir wagtlar ýurduň çäginde bar bolan döwletleriň taryhynyň we medeniýetiniň gymmatly eserleri bar.