
Rus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşar
Türkmenistan we Russiýa demir ýol düzümlerini ösdürmegiň üstünde
işleýärler, rus kompaniýalarynyň bolsa türkmen demir ýol pudagyny
döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy üçin uly mümkinçiligi bar diýip, anna
güni RF-niň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow TASS-
yň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.
Ol şeýle hem ýakyn wagtda ýurda rus demirýollarynyň hünärmenlerinden
ybarat wekiliýietiň barjakdygyny, türkmen demir ýollarynyň durkuny
täzelemek boýunça geçirilmeli zerur işlere baha berjekdiklerini hem-de
ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolan Türkmenistanyň demirýol hojalygynyň
geçirijilik ukybynyň mümkinçiligini öwrenjekdiklerini habar berdi.
Ýük daşalyşynyň artmagy bilen, bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmak
hem-de täze ýol hojalyklaryny gurmak, döwrebap ammar düzümlerini, şol
sanda üsti ýapyk we sowadyjy desgalary bina etmek zerur bolar. Uzak
möhletleýin beýleki taslamalaryň hatarynda türkmen demir ýollaryny
elektrikleşdirmek we uglewodorod ýangyjyny peýdalanmakdan daşlaşmak
taslamalary bar diýip, rus söwda wekili belledi.
Ileri tutulýan ugurlaryň ýene-de biri tehnikalary ibermek babatda
hyzmatdaşlykdyr. Ýakynda Türkmenistana Russiýanyň “Transmaşholding”
PJ-niň teplowozlarynyň bäşisi getirildi. Ýelizarowyň sözlerine görä, Söwda
wekilhanasy rus kompaniýasy bilen bilelikde nobatdaky şertnamanyň
üstünde işleýär.