Hytaýlylar «Mitsubishi» bilen hoşlaşdylar
«Mitsubishi» Hytaýdan çykdy. Onuň ýerli bazar üçin niýetlenen awtoulaglary öndürýän ýeke-täk bilelikdäki kärhanasy «GAC Mitsubishi Motors» bolsa resmi adyny «Hunan Zhixiang Automobile» diýip üýtgetdi. Şunuň bilen baglylykda, «Mitsubishi Motors Corporation» we «Mitsubishi Corporation» indi täze senagat kompaniýasynyň paýdarlary däl.
Bellige alyş resminamalaryndan çen tutsak, «Hunan Zhixiang Automobile» kompaniýasynyň hem ozalky bilelikdäki kärhananyň işini ýerine ýetirjekdigini çaklamak bolýar: ulag serişdelerini we ätiýaçlyk şaýlaryny satmak. «Guangzhou Automobile Group» bolsa täze kompaniýa gözegçilik eder.
Öň ýapon brendiniň awtoulaglaryny öndüren uly zawod indi «GAC Group» tarapyndan dolandyrylar. Hytaýlylar zawodyň kuwwatyny güýçlendirmegi we 2024-nji ýylyň iýunyndan awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçiligini täzeden başlamagy meýilleşdirýärler.