TDHÇB-de söwdalar: içerki bazarda bitum we türkmen halylary uly islegden peýdalandy

Şenbe güni, 2-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki bazarda bitum we türkmen halylary ýerlenildi.

Türkmen telekeçileri «BND 60/90» kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 2 529 653,80 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.