Owganystanyň wekilýetiniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary
2024-nji ýylyň 3-nji martynda Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary amala aşyrdy.
Saparyň dowamynda wekiller Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, onuň terminallarynyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyş boldular.
Şeýle-de, myhmanlara üstaşyr ýükler üçin “gümrük düzgüni” tertibiniň artykmaçlyklary barada gürrüň berildi. “Gümrük düzgünine” laýyklykda ammarda üstaşyr ýükler 3 ýyla çenli gümrük paçlardan boşadylyp üçünji taraplara eksport edilmegi üçin döredilen mümkinçilik barada içgin durlup geçildi.
Tanyşdyrylyşyň dowamynda wekiliýetiniň ýolbaşçysy terminalyň sowadyjy konteýner ammary bilen içgin gyzyklandy. Munda esasan Owganystanyň eksport maksatly gök önümlerini we gury ir-iýmişlerini (сухофрукты) terminalyň ammarynda sowadyjy konteýnerde saklamak mümkinçiligi bilen gyzyklandy. Şunuň bilen, sowadyjy konteýnerleri saklanýan ammar meýdançalary görkezildi.
Şeýle-de, saparyň dowamynda myhmanlara “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri we bu ýerde abatlaýyşda duran gämilerde alnyp barylýan işler görkezildi.
Porta saparyň ahyrynda wekilýetiň ýolbaşçysy tarapyndan Türkmenistanda deňiz ulag infrastrukturasy üçin edilen işlere ýokary baha berildi.