Hyzmatlar kämilleşdiriler: Moskwa we Sankt-Peterburg aralygyndaky uçar gatnawy her 15 minutdan amala aşyrylar
Şu tomusda Moskwa we Sankt-Peterburg aralygyndaky uçar gatnawlaryny rekord görkezijä ýetirmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, her 15 minutdan bir uçar ýola düşer. Gyzykly ýeri, geçen ýylyň ahyrynda bu uçar gatnawlarynyň her 30 minutdan guraljakdygy yglan edilipdi.
Iýun — sentýabr aýlarynda awiakompaniýalar Moskwanyň howa menzillerinden her gün ortaça 83 uçar gatnawyny Pulkowa ýollamagy hem-de yzyna — Russiýanyň paýtagtyna gelip gonmagyny üpjün etmegi meýilleşdirýärler. Esasy gatnadyjy uçuşlary «Superjet 100» uçarynda amala aşyrýan «Russiýa» bolar. «Aeroflot» bolsa bu uçuşlarda gatnaw hyzmatyny ýola goýmaga taýynlanýar. Şol bir wagtyň özünde hem, ýolagçylaryň uçuşdan öňki taýýarlyklaryny çalt amala aşyrmagy üçin täze nyrhlaryň girizilmegi-de ähtimal bolmagynda galýar.
Kompaniýadaky çeşmelerden alnan maglumata görä, gatnaw hyzmatynyň çäginde ýolagçylar üçin şert-mümkinçilikleriň has-da kämilleşdirilmek meýilleşdirilýär. Söhbetdeşleriň biri bu taslamanyň çäginde howa menzillerinde ýörite bellige alyş nokatlarynyň, howpsuzlyk barlaglaryndan öňki tapgyr boýunça aýratyn geçelgeleri döretmek we howa peteklerini alyş-çalyş etmegiň ýörite yzygiderliligi amala aşyrýan bölekleriň gurluşygy üçin ýerleriň bölünip berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, ýolagçylara uçuşdan öňki tapgyrlary çalt geçmäge we nobatdaky iň ýakyn hem elýeterli uçuşa ýetişmäge mümkinçilik berýän «Шаттл» atly täze nyrhy hödürlemek meýilleşdirilýär.
Uçarlaryň 06:00-dan 01:00-a çenli her 15 minutdan uçmagyny guramak göz öňünde tutulýar. Munuň özi uçarlaryň elektrik otlylary bilen bäsdeşlikdäki artykmaçlygyny üpjün eder. Tomusky gatnawlaryň howa petekleriniň bahalary 6,5 müň rubldan başlanýar. Emma gatnawyň ýakynlaşmagy bilen petekleriň bahalary hem arzanladylar. Şeýlelikde, petekleri 3 — 4 müň rubldan alyp bolar.