Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisi we onuň çäginde türkmen-owgan işewürler forumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkmen we owgan öndürijileri sergide azyk we ýeňil senagat, oba hojalygy, sport önümleri, gurluşyk, dürli hyzmatlar ýaly ugurlarda öz stendlerini gurdular.

Sergä gelýänler üçin aýakgap, haly, egin-eşik we beýlekileri öndürýän owgan öndürijileriniň stendlerini görmek has-da gyzykly bolar.

Sergi 6-njy marta çenli dowam eder.