Aşgabatda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasynyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMKA) çäklerinde adam söwdasyny we kontrabanda bilen meşgullanýan şahslary ýüze çykarmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Aşgabat şäherindäki “Arçabil” myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň 29-njy fewraly – 1-nji marty aralygynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary, bu ugurdaky halkara we milli hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda adam söwdasynyň pidalaryny ýüze çykarmak, bikanun migrantlary we olaryň şahsyýetini anyklamak babatdaky işleri netijeli geçirmek üçin hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly halkara tejribesini öwrendiler. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar bu ugurda okatmagyň häzirki zaman usullary bilen tanyşdylar.
Serhet gözegçiliginde töwekgelçilikleri derňemegiň ulgamyny mundan beýläk-de ulanmak üçin esasy görekezijileri we töwekgelçilikleri özünde jemleýän tejribe bukletiniň işlenilip taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar.