Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan şu ýyl TDG-niň agzasy bolup biler

“TÜRKSOÝ” žurnalynyň baş redaktory Salim Ezera Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna haçan doly hukukly agza boljakdygy barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sorag bilen ýüzlendi. Gurbanguly Berdimuhamedow munuň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak sammitiň barşynda bolup biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu sammite Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Wengriýa Türki Döwletleriň Guramasyna synçy agza bolup gatnaşýar.