Türkmenistan halkara gatnawlarynda Konteýner otlulary hakynda ylalaşyga goşular

Türkmenistan halkara gatnawlarynda konteýnerli otlularyň düzüminde

konteýnerleri daşamak hakynda ylalaşyga goşulmagy maksat edinýär. Bu

barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar

agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni hökümetiň

sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.

 

Onuň sözlerine görä, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan onuň

düzümleýin bölüminiň – “Demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar

jemgyýetiniň Türkmenistanyň üstünden geçýän halkara ulag geçelgelerini

ösdürmek, ýurduň çäklerinden konteýnerleriň daşalyşynyň möçberini

artdyrmak, şeýle hem has oňaýly nyrhlary we logistika ulgamlaryny

döretmek maksady bilen, ýokarda agzalan ylalaşyga goşulmagyň

mümkinçilikleri öwrenildi.

 

Demir ýollary hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde kabul edilen agzalan

ylalaşyk 2022-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky ýagdaýa görä girizilen

üýtgetmeler we goşmaçalar nazara alnyp, 2022-nji ýylyň 1-nji

ýanwaryndan bäri hereket edýär.